“Döwür-zenan-millilik”


“Döwür-zenan-millilik”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda Bagyr medeniýet öýünde “Döwür-zenan-millilik” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan ýaşlary terbiýelemekde, edebi mirasymyz görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Durmuşda ynsany ruhy taýdan kämillige atarýan ilkinji ädimler edep-terbiýeden başlanýandygy, edep-terbiýe barada söz açylanda ilki bilen türkmençilikde gyz maşgalanyň edep-terbiýesine has uly üns berilýändigi şeýle-de ata-babalarymyzyň bize goýup giden baý taryhy-ruhy mirasymyza ser salsak, edep-ekram, terbiýe, halallyk, ata-enä hormat goýmak, Watan mukaddeslikleri, perzentlik borçlary eriş-argaç bolup geçýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda ata-babalarymyz: “Perzent edep görmese, edep görkezmez” diýip jaýdar belläp geçýän pähimden görnüşi ýaly, her bir ata-ene öz perzendini şahsy göredesi, edim-gylymy bilen terbiýeläp, olaryň aýdan zatlary bilen edýän hereketleriniň deň gelmelidigini belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ähli ugurlarda görelde mekdebi bolup durýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.