“Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitap bilen okyjylar köpçüligini tanyşdyrmak


“Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitap bilen okyjylar köpçüligini tanyşdyrmak



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan neşir edilen “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitap gelip gowuşdy. Bu kitap halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan milli keşdeçilik sungatyna bagyşlanýar. Kitapda türkmen milli lybaslary, olaryň çeper bezegi, keşde çekmegiň usullary, sapak işmek, iňňä sapak ötürmek, keşdeçilik hünärinde ulanylýan keşde iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama, basma ýaly milli el işleri barada giňişleýin beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nepis el hünäri, onuň nesillere nusgalyk terbiýeçilik ähmiýeti barada täze kitapda aýratyn nygtalýar. Milli türkmen lybaslarynyň, nagyşlarynyň suratlary hem kitaba aýratyn bezeg berýär.
Kitapda medeni mirasymyzy ýaş nesillere giňişleýin öwretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edilýär.