Hormatly Prezidentimiziň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitaby


Hormatly Prezidentimiziň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitaby



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabyndan kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň many-mazmuny hakynda, onuň diňe bir diplomatlar, syýasatçylar üçin däl-de,şu hünärler boýunça okaýan talyp ýaşlarymyz üçinem uly gollanma boljakdygy hakynda belläp geçdiler. Bu eserde ýerleşdirilen ajaýyp goşgulary, halkara forumlarda, maslahatlarda eden çykyşlar hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, şeýle ajaýyp eserleriň dowamly bolmagyny arzuw etdiler.