“Welosiped binasy – binagärlik dürdänesi”


“Welosiped binasy – binagärlik dürdänesi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped binasy – binagärlik dürdänesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Söhbetdeşlikde parahat ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, sagdyn nesilleri kemala getirmek, halkyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine laýyk gelýän möhüm işleri durmuşa geçirmek ugrunda amala aşyrylýan beýik özgertmeler häzirki wagtda özüniň oňyn netijesini berýändigi şeýle-de welosiped sporty “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň sportuň bu görnüşine bolan islegini ýokarlandyrmak bilen, jemgyýetimiziň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülendigi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Diýarymyza bagtyýar halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen içgin meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, päk zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmäge giň mümkünçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.