«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi. Çärede Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda beýan edilýän wakalar dogrusynda, parahat ýaşaýşa hemişe sarpa goýup gelen halkymyzyň bitaraplyk ýörelgeleriniň gündelik durmuşymyzda öz beýanyny tapýandygy barada, dünýä halklary bilen dostana gatnaşyklary pugtalandyryp, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmekde bimöçber işleri durmuşa geçirýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýan kitabyna öwrülen, bütin dünýäde giňden seslenme tapan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy şeýle-de Arkadagymyzyň «Şükür bagşy» eserine ýüzlenmek bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belläp, döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynda uly orny eýeleýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler.