“ Siziň bilen bagtyýar biz, Arkadag !”


“ Siziň bilen bagtyýar biz, Arkadag !”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli “Siziň bilen bagtyýar biz, Arkadag !” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen belent şygar bilen gadam goýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Täze ýylyň garşylanýan ajaýyp pursatlarynda hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip, täze goşgy döredendigini we ony “Jan Watanym Türkmenistan!” diýip atlandyrandygy häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň belent şygary bolup ýaňlanýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp şygyrlarynyň höwrüniň köp bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.