“Jahana çykaryp ýaşlaryň sesin, Baýdak deý göterip ýurt mertebesin”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, 130-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Jahana çykaryp ýaşlaryň sesin, Baýdak deý göterip ýurt mertebesin” ady bilen wagyz-nesihat çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler bu ýyl adyndan belli bolşy ýaly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilmegi ähli türkmen halkyna aýratyn hem ýaş-lary buýsandyrýandygy, olary geljekki üstünliklere has da ruhlandyrýanlygy ýurdumyzda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessuryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde, ylym-bilime höwesini artdyrmakda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda hemişe geljegimiziň nurana we eşretli bolmagy üçin ýaşlaryň durmuşynda uly mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.