“Edebiň ýagşysy ulyny syla”


““Edebiň ýagşysy ulyny syla”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy, Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleri bilen bilelikde “Edebiň ýagşysy ulyny syla” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede “Edebiň ýagşysy – salam bereni, ýakynlyk ýagşysy – baryp geleni” diýen nakyldan ugur alyp ýaşlaryň ululara salam bermekleri, özlerini tertipli alyp barmaklary, zyýanly endiklerden daşda durmaklary barada nygtap geçdiler. Şeýle hem çagany akylly-başly, edep-terbiýeli edip ýetişdirmek we olary watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, edepli, düzgün-nyzamly, dogruçyl, ak ýürekli edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň baş maksady hasaplanýar diýip gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.