«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – siziň ömrüňiziň rahatlygy»


«Ýol hereketiniň howpsuzlygy – siziň ömrüňiziň rahatlygy»



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – siziň ömrüňiziň rahatlygy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň bolmazlygy üçin her bir raýatyň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmelidigi aýratyn nygtaldy. Çagalara ýolda ýüze çykyp biljek hadysalar barada, şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigi barada dürli suratlaryň üsti bilen düşündiriş işleri geçirildi. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşan çagalarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda ýaş nesilleriň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.