Berdinazar Hudaýnazarowyň 95 ýyllygy mynasybetli
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy Türkmen halkynyň söýgüli şahyry “Berdinazar Hudaýnazarowyň 95 ýyllygy mynasybetli” gürrüňdeşlik çäresini geçirdi.
Çärede Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň iki gezek eýesi Berdinazar Hudaýnazarowyň tüýs türkmen häsiýetli edebi döredijiliginiň binýadynda ynsany ykrar edýän ynsap ygtykaty bar. Halkyň söýgüsine mynasyp bolan Berdinazar Hudaýnazarowyň Garagum sährasynyň gözelligini, öz dogduk mekany bolan Ýerbendiň täsin tebigatyny açýan özboluşly şygyrlary-da ussat şahyryň ynsap diýen baş gönezliginden gözbaş alyp, türkmen tebigatynyň häsiýetini, şähdaçyklygyny, şahandazlygyny, ruhubelentligini, durmuş hakdaky agras oýlanmalaryny, döredijilikli, kämil garaýyşlaryny, mukaddes topragyna bolan çäksiz söýgüni hem buýsanjy, tebigat bilen ynsanyň edebi sazlaşygyny dünýäniň öňünde açyp görkezýändigi şeýle-de şahyryň şygyrlarynda türkmeniň gadymdan gelýän myhmansöýerligi, gadyrdanlygy dünýäde ynsany beýgeltmegiň ajaýyp nusgasy bolup durýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyna bagtyýar durmuşy bagyş eden Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.