“Ynsan gözelliginiň aýdymçysy” atly söhbetdeşlik


“Ynsan gözelliginiň aýdymçysy” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy meýilnama esasynda kitaphana gelýän okyjylarynyň arasynda XVII asyrda ýaşap geçen Garajaoglanyň 416 ýyllygyna bagyşlap “Ynsan gözelliginiň aýdymçysy” atly söhbetdeşligi geçirildi.

Bu söhbetdeşlikde kitaphanaçymyz Garajaoglanyň dünýä, ynsan, tebigat, ýaşaýyş-durmuş, haýyr, gözellik hem-de şahyryň Watany küýsäp ýazan şygyrlaryny okyjylaryna giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da kitaphana hünärmenimiz Garajaoglanyň şygyrlaryna döredilen aýdymdyr-sazlar barada hem aýdyp berdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.