“Bitaraplyk-parahatlyk aýdymy”


“Bitaraplyk-parahatlyk aýdymy”



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde “Bitaraplyk-parahatlyk aýdymy” atly edebi-sazly çäresini geçirdi.
Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenimiz mekdep okuwçylaryna gadymy halkymyzyň uzak geçmişinden bäri parahatsöýüji, dost-doganlygy, asuda durmuşy goldap gelen zähmetsöýer halkdygyna we ata-babalarymyzdan miras galan halk döredijiliginiň eserlerinden mysallary getirip hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de M. Kuliýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Mähriban Arkadagymyzy, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny wasp edýän birnäçe aýdymlar diňlenildi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde häzirki döwür şahyrlarymyzdan ata-watanymyzyň parahatçylygyny wasp edip ýazan şygyrlaryny labyzly ýerine ýetirdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan “Bitaraplyk-buýsanjym” atly gurnalan göçme kitap sergisi hem kitap söýüji okyjylarymyzda uly gyzyklanma döretdi.
Edebi-sazly çäräniň ahyrynda ýurdumyzy gülledip ösdürýän, mähriban halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.