Eneler – zeminiň zynaty


Eneler – zeminiň zynaty

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Eneler–zeminiň zynaty» atly edebi-sazly agşamyny geçirdi.

Kitaphana hünärmenlerimiz Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bahar-ýaz ýaly zenanlarymyza bagyşlap birnäçe şygyrlary labyzly okap berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan «Baky gözellik» atly göçme kitap sergisi hem çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.