Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar


Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni türkmen halky üçin gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer däpleriň dabaralanmagyny, demokratik, hukuk döwletimiziň binýatlarymyzyň mizemezligini, jemgyýetimiziň sarsmaz jebisligini, ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk üçin açykdygy hakynda täsirli söhbet edip, Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň azatlygynyň, rowaçlygynyň, abadançylygynyň, häzirki ajaýyp günümiziň we röwşen geljegimiziň nyşany bolan parlaýan ýaşyl tugumyz, mähriban topragymyzda durnuklylygyň, ylalaşyklylygyň kepilidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.