Kitaphana – döwrebap ösüşleriň gözbaşy
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagyr medeniýet öýünde kitaphana hünärmenleriň gatnaşmagynda «Kitaphana – döwrebap ösüşleriň gözbaşy» atly okuw usuly maslahaty geçirildi.
Bu maslahata gatnaşanlar öz iş ýerleri, medeniýet öýlerinde we kitaphanalarda geçirilýän medeni köpçülikleýin çäreleri, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän milli däp-dessurlarymyzyň aýratynlyklary barada söhbet edildi. Kitaphanaçylar Mähriban Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, bu eserleriň dünýä jemgyýetçiliginde tutýan orny ýurdumyzda kitaphanalaryň işlerini kämilleşdirmekde hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler barada täsirli gürrüň berildi. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň gymmatly bilimleri öz içine alýanlygy we ynsan kalbyny tämizleýänligi barada nygtadylar. Şeýle-de Milli Liderimiz türkmen medeniýetini ösdürmäge onuň dünýä medeniýetine goşulmagyna, şan-şöhratynyň artdyrmagyna döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyna aýratyn üns berilýändigini çuňňur hoşallyk bilen bellediler. Kitap ylym-bilimiň çeşmesidir, kitap her jemgyýetde adamlaryň durmuşynda iň möhüm serişdeleriň biridir. Okuw usuly maslahatda häzirki döwürde ýaş nesillere Watançylyk, ynsanperwerlik ugrunda terbiýelemek, ýaşlarymyzda şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine, gadymy mirasa söýgi döretmekde döwlet derejesinde ägirt uly ähmiýet berilýändigini bellediler.Ýaşlar üçin döredilýän şeýle mümkinçilikler olaryň geljekde Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine uly badalga bolýandygy barada gürrüň berdiler.Bu ýerde çykyş edenler milli medeniýetimiziň şan-şöhratyny äleme doldurýan, kitaphana işlerini ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.