«Bitaraplyk – parahatçylygyň binýady» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk gününiň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli «Bitaraplyk – parahatçylygyň binýady» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler, ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri, berkarar Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygy, ata-babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, parahatlyk baradaky ýol-ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň edildi.
Çärä gatnaşan talyp ýaşlar öz ýürek buýsançlaryny eziz Watanymyzy, Hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.