«Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň her biri watansöýüjilik, ata-enä hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, halallyk, bir sözlülik ýaly türkmeniň öňden gelýän milli ýol-ýörelgeleri, türkmen halkyna mahsus bolan milli terbiýesi, öwüt-ündewleri içinden eriş-argaç bolup geçýän kitaplaryň bu günki gün, diňe bir türkmen halkynda däl eýsem, daşary ýurtlarda-da uly gyzyklanma döredip, her bir adam üçin uly gollanma bolup durýandygy barada täsirli gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.