“Görüň, bu gün Arkadagly Diýary, peşgeş berdi bize gül deý zamany”


“Görüň, bu gün Arkadagly Diýary, peşgeş berdi bize gül deý zamany”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda 2022-nji ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Görüň, bu gün Arkadagly Diýary, peşgeş berdi bize gül deý zamany” ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda parahatlyk we ynanyşmak ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, bütin türkmen halkynyň isleg-arzuwlary bilen, aýdyň maksatlar bilen, uly şatlyk-şowhuna beslenip gelen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň garşy alynyşy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň halkyna Täze ýyla gadam basan ilkinji pursatlarymyzda ýiti zehininden syzylyp çykan, ata Watanymyzyň waspyny ýetirýän “Jan Watanym Türkmenistan!” atly ajaýyp goşgusyny okap bermegi türkmen halkynyň kalbynda Watan söýgüsini, buýsanjyny has-da artdyryp, uly ruhubelentlige besländigini tüýs ýürekden uly joşgun bilen belläp geçdiler.Şeýle-de 3-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary, oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Çäräniň ahyrynda halkyna bagtyýar durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.