“ Magtymguly arzuwlan ajap eýýamyň geldi ! ”


“ Magtymguly arzuwlan ajap eýýamyň geldi ! ”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 59-njy orta mekdepde “Magtymguly arzuwlan ajap eýýamyň geldi!” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Magtymguly Pyragynyň sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyr bolandygy, ol ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussatlarynyň biridigi, onuň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri täze hyruç, täze ylham bilen gurşalan bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentlik hem-de çäksiz joşgun döredýändigi şeýle-de, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybir, asuda, parahat döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyr bolandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary tarapyndan goşgular ýerine ýetirildi.
Kitaphanaçylar tarapyndan ussat şahyryň döreden ajaýyp şygyrlarynyň birnäçesi esasynda sorag-jogap alyşdylar. Çärede gurnalan kitap sergisi hem oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döreden ajaýyp eserlerini okyjylara ýetirmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.