Ertekiler dünýäsine syýahat


Ertekiler dünýäsine syýahat

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda kitaphananyň hünärmenleri ýaşajyk okyjylary bilen paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde ýerleşýän «Ertekiler dünýäsi» seýilgähine gezelenç etdiler. Ýakymly syýahadyň dowamynda höwesjeň, kitap söýüji çagalar kitaphanada ürç edip okan kitaplarynda orun alan erteki gahrymanlarynyň ençemesini bu seýilgähde görüp hoşal boldular. Seýilgähiň iň gözel ýerinde gurnalan göçme kitap sergisi körpeje okyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergide türkmen halk ertekileri, şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli neşirler ýerleşdirildi.

«Ertekiler dünýäsi» seýilgähine geçirilen syýahadyň ahyrynda ýürekleri buýsançdan doly bagtyýar çagajyklar özleri üçin döredilýän ägirt uly mümkinçilikler üçin türkmeniň gerçek ogly Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.