Magtymguly Pyragy - berkararlyk şygary


Magtymguly Pyragy - berkararlyk şygary

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Magtymguly Pyragy - berkararlyk şygary» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi we kitap sergisini gurnady.

Bu gurnalan göçme sergide kitaphana hünärmenlerimiz dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda çykan kitaplary hem-de şahyrana döredijiligi barada talyplara giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap çeken suratlary hem sergä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlara döwrebap ylym-bilim almak üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerine çäksiz alkyşlar beýan edildi.