“Bitaraplyk- bagtyýarlyk binýady”


“Bitaraplyk- bagtyýarlyk binýady”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk-bagtyýarlyk binýady” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim – paýhasly, parasatly baştutanlygynda şu ýyl ýurdumyz dünýä bilelişigi bilen birlikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýändigi, asyrlaryň dowamynda parahatçylyk, hoşniýetlilik, goňşuçylyk ýörelgelerimiziň rowaçlandyrylýandygy, baky Bitaraplygymyzyň 26 ýylyň içinde gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Döredijilik duşuşygynda ýurdumyzyň ösüşleri, ata Watanymyzyň, Halkara Bitaraplyk gününiň waspyny şahyrlar öz goşgy setirlerinde beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.