“Türkmeniň adyny göterdi arşa, baky Bitaraplyk şöhraty bilen”


“Türkmeniň adyny göterdi arşa, baky Bitaraplyk şöhraty bilen”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmeniň adyny göterdi arşa, baky Bitaraplyk şöhraty bilen” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolmagymyz bilen ähli ugurlarda ägirt uly sepgitlere ýetilendigi, bilimde, ylymda, medeniýetde, saglygy goraýyşda, sportda we syýahatçylykda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge giň ýol açylandygy, hemişelik Bitaraplygymyz baky bagtyýarlygymyzyň şuglasyna öwrülip, baky asudalygyň, parahatçylygyň girewi bolup, bu gün göwünlere ganat ruhlara joşgun, döredijilige ylham berýänligi barada täsirli gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, halkara Bitaraplyk baýramyny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.
Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.