“Ynsanperwerligiň öçmez nury, Pyragy”


“Ynsanperwerligiň öçmez nury, Pyragy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Ynsanperwerligiň öçmez nury, Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklaryň biri bolan türkmen nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa ornaşdyrylýandygy dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygyrlary döredijilik bilen iş salyşýan her bir adam üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýänligi, onuň her bir goşgusy umman ýaly giň, deňiz ýaly çuň, many–mazmun taýdan juda baýdygy barada giňişleýin aýdyp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.