«Medeniýet- ylham gözbaşy, Magtymguly Pyragy- halkyň ruhy çyragy»


«Medeniýet- ylham gözbaşy, Magtymguly Pyragy- halkyň ruhy çyragy»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Medeniýet- ylham gözbaşy, Magtymguly Pyragy- halkyň ruhy çyragy» ady bilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu dabara Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary hem gatnaşdy. Bu ýerde kitaphana işgärleriniň gurnan kitap sergisi çäräniň baý many-mazmunyna beslendi. Çärede şahyryň ömri we döredijiligi baradaky gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle-de Beýik akyldaryň eserlerinden okalan çeper okaýyşlar täsirli pursatlara beslendi.