«Bitaraplyk bagtymyzyň gözbaşy»


«Bitaraplyk bagtymyzyň gözbaşy»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäre-de Baky Bitaraplygymyzyň many-mazmuny, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki at- abraýyny has-da belende galdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Dabaranyň dowamynda ata Watanymyz, Gahryman Arkadagymyz, hemişelik Bitaraplygymyz hakyndaky çykyşlar çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.
Kitaphana hünärmenleri we 11-nji orta mekdebiniň mugallymlary Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ata watanymyzyň dünýä derejesindäki at-abraýy, ýurdumyzyň ösüşleri we ýetilen belent sepgitler barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Dabaranyň ahyrynda Aşgabat şäheriniň 11–njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň taýýarlan goşgulary dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.