“Kitap dünýäniň manysyny açýan açar”


“Kitap dünýäniň manysyny açýan açar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Kitap dünýäniň manysyny açýan açar” ady bilen gezelenç gurnaldy.

Gezelençde kitap bilimiň çeşmesi bolup ony söýmek, oňa sarpa goýmak adamyň giň dünýägaraýşyny, ylym-bilime teşneliginiň nyşanydygy, adam näçe köp okadygyça, durmuşyň syrdan doly many-mazmunyna şonça-da içgin aralaşýandygy, türkmen halky özüniň köpmüňýyllyk taryhynda kitaba aýratyn sarpa goýulýandygy barada aýdylyp geçildi. Gezelenjiň dowamynda kitaphanaçylar okuwçylary kitaphananyň bölümleri, gurnalan sergiler, geçirilýän çäreler bilen giňişleýin tanyşdyrdylar hem-de türkmen halk ertekileri esasynda sorag-jogap alyşdylar.

Gezelenjiň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.