«Bitaraplyk ýörelgämiz — dünýä nusga göreldämiz» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi


«Bitaraplyk ýörelgämiz — dünýä nusga göreldämiz» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk ýörelgämiz — dünýä nusga göreldämiz» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi, ýurdumyzda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygynyň uludan toýlanmagy, Bitaraplyk syýasatynyň esasy maksadynyň howpsuzlygy saklamak we pugtalandyrmak, goňşy döwletler we halklar bilen dostlukly, syýasy gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Dabaranyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Altyn asyr» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, Bitaraplygymyzy wasp edýän birnäçe ajaýyp aýdymdyr sazlar ýaňlandy.