Ýaş nesiller alkyş aýdýar Arkadagly Serdara


Ýaş nesiller alkyş aýdýar Arkadagly Serdara



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen 98-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Ýaş nesiller alkyş aýdýar Arkadagly Serdara» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly eserlerinden we Watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini, ýeten derejelerini wasp edýän goşgulardan ybarat bolan kitaplaryň, gündelik neşirleriň sergisi gurnaldy we ýaş nesilleriň ýürek joşgunyndan dörän şygyrlarynyň, şeýle-de Watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini wasp edýän goşgularyň birnäçesi çeper okaldy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim ulgamyny özgertmekde, ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagy, saýlan hünärleriniň eýesi bolmagy üçin täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatynda nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.