“Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerinde türkmeniň milliliginiň we däp-dessurlarynyň beýany” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik


“Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerinde türkmeniň milliliginiň we däp-dessurlarynyň beýany” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerinde türkmeniň milliliginiň we däp-dessurlarynyň beýany” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige gatnaşan kitaphana işgärleri ilki bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzda bahar paslynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň atçylyk toplumyna baryp, ol ýerde şu ýylymyzyň başynda dünýä inen “Zaman” atly taýçanak bilen didarlaşandygy hem-de täze dünýä inen güjüjege “Eýýam” adyny dakandygy hakyndaky ýürek buýsançlaryny beýan etmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewleri hakynda ýazan ajaýyp eserlerinden, şeýle hem “Türkmen alabaýy” atly kitaby barada täsirli söhbetler etdiler.
Söhbetdeşligiň soňunda Mähriban Arkadagymyza jan-saglyk,uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.