“Bagtyýar biz Arkadagly Watanda” atly çäre geçirildi


“Bagtyýar biz Arkadagly Watanda” atly çäre geçirildi



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen Merkeziň Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Döwlet kitaphanasynda “Bagtyýar biz Arkadagly Watanda” atly çäre geçirildi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda biziň her bir günimiz,her bir ýylymyz taryhy wakalara, şanly senelere beslenip gelýär.Türkmenistan Döwletmiziň at-abraýy daşary döwletleriň arasynda has-da arşa galýar. Eziz Watanymyzda gazanylýan ähli ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzda her ýyl döwrüň ruhundan halkymyzyň arzuw isleginden gelip çykýan ähmiýetli şygaryň berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Ýetip gelýän 2022-nji ýylymyzam ähli türkmen halkynyň bir agyzdan goldamagy bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen, şygar bilen bellenilmegi bizi diýseň begendirdi. Bu şygar halkymyzyň Hormatly Arkadag Prezidentimize bolan çäksiz buýsanjynyň, eziz Watanymyza bolan beýik hormatynyň aýdyň subutnamasydyr.