Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, sönmez şamçyrag
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, sönmez şamçyrag» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Hakykatdan-da, şahyr ýüregi örän duýgur bolýar. Muny, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda hem doly duýup bilýäris. Öz döwrüniň beýik şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragy hem ýaşap geçen durmuşynyň ähli pursatlarynda ilimiziň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini, abadançylygy, halallygy, watansöýüjiligi ündemek bilen, türkmeni bir suprada jemlemek ugrunda beýik işleri bitiripdir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz hem öz halkyny agzybir, abadan, bagtyýar ýaşatmak ugrunda yzygiderli tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu aladalary diňe bir Türkmenistanlylar üçin däl-de, eýsem, ähli dünýä jemgyýetçiligini agzybirlige, ynanyşmaklyga çagyrýar.
Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Ata-babalarymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini köpçülikde, toýda-tomaşada gazal hökmünde ýa-da dutara salyp, aýdym hökmünde obadan-oba, illerden-illere, nesillerden-nesillere ýetirip gelipdirler.
Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.