“Hasratly gijäni ýatlap”


“Hasratly gijäni ýatlap”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Hatyra gününe bagyşlanyp“Hasratly gijäni ýatlap” ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitiremesi halkymyzyň taryhynda we ykbalynda iň bir pajygaly wakalaryň biri bolandygy, ençeme adamlaryň ömür tanapy kesilendigi, binadyr ýaşaýyş jaýlarynyň weýran bolanlygy, hatyra gününde onuň pidasy bolan adamlar söweş meýdanlarynda wepat bolan gerçeklerimiz bilen bilelikde ýatlanylýanlygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.