«Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty» atly makalalar ýygyndysy neşir edildi


«Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty» atly makalalar ýygyndysy neşir edildi



Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli ugurdaky meýilnamasyna laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty» atly makalalar ýygyndysy neşir edildi. «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen ýygyndyda Türkmenistanyň görnükli medeniýet we sungat işgärleriniň, sungaty öwrenijileriňdir taryhçylaryň, edebiýatçylaryň hem-de ylmyň beýleki ugurlary boýunça hünärmenleriň makalalaryna orun berlipdir.

«Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty» atly ýygyndy sungaty öwreniş ylymlary ugrunda ilkinji ýerine ýetirilen işleriň biridir. Kitapda türkmen sungatynyň ösüşiniň dürli ugurlary bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy hakdaky seljermeleriň netijeleri beýan edilýär. Olar boýunça sungatyň dürli ugurlary, aýdym-saz, teatr, kino, teleradio, şekillendiriş, zergärçilik we söz sungaty hakynda aýry-aýry baplarda maglumatlar berilýär.

Kitapda Magtymgulynyň döredijilik mirasy boýunça medeniýeti öwreniş nukdaýnazaryndan synlar hem aýratyn bapda jemlenilipdir. Şeýle-de kitapda häzirki zaman türkmen edebiýaty, ylmy we döredijilik nukdaýnazaryndan gymmatly maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Belläp geçsek, täze ýygyndy türkmen edebiýatyny, medeniýetini öwreniji alymlar, hususan-da, sungaty öwrenijiler, şeýle hem giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilip, akyldar şahyryň döredijiligini täze röwüşde açyp görkezmäge synanyşykdyr.