«Bitaraplyk şygyrlarda şanyň bar»
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde myhmançylykda bolup, ol ýerde bilim alýan çagalaryň arasynda «Bitaraplyk şygyrlarda şanyň bar» atly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ýetilýän belent sepgitler barada täsirli gürrüňler edildi. Okyjylarymyz şanly Garaşsyzlygymyzy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan birnäçe rowaýatlary aýdyp berdiler. Kitaphananyň hünärmenleri şol rowaýatlaryň aňladýan manysy, terbiýeçilik ähmiýeti barada çagalara giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.