“Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi”


“Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 133-nji orta mekdepde “Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda ýazyň, güýzüň şahyry bolup aňymyza giren Gurbannazar Ezizowyň dürli ýyllarda çap edilen kitaplary okyjylar tarapyndan söýüp okalýan eserlere öwrüldi. Muňa şahyryň “Ynam” ,“Ýer-gögüň arasynda” ,“ Güýz” “Oglan we deňiz”, “Serdarym”, “Jadyly kepje”, “Türkmen sährasy” ýaly çap edilen kitaplary bolsa dünýä halklarynyň dilinde terjime edilip, dürli dillerde neşir edildi. Şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar bolsa türkmen aýdym – saz sungatynyň altyn hazynasyna girýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Döredijiligiň dowamynda 133-nji orta mekdebiniň okuwçylary Gurbannazar Ezizowyň birnäçe goşgularyny çeper okadylar we şahyryň goşgularyna düzülen birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy.

Döredijiligiň ahyrynda türkmen edebiýatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmak boýunça giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.