Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde gelin-gyzlaryň waspy


Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde gelin-gyzlaryň waspy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde gelin-gyzlaryň waspy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmekde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary umumyadamzat gymmatlyklaryny, olaryň aňyna ornaşdyrmakda iňňän uly ähmiýete eýe bolup, esasan hem şahyryň döredijiliginde gelin-gyzlarymyzy wasp edýän şygyrlary, şeýle-de ýaşlaryň kalbynda watansöýjüligi, ynsanperwerligi oýarýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.