“Milli Medeniýetim köňlümiň täji”


“Milli Medeniýetim köňlümiň täji”



Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Milli Medeniýetim köňlümiň täji” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy hemme taraplaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek bilen bagly amala aşyrylýanlygy muňa mysal bolup Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet baýramy mynasybetli bir hepdeläp ýaýbaňlandyrylýan medeniýet hepdeligi bolsa Hormatly Prezidentimiziň sungatymyzy ösdürmek, kämilleşdirmek baradaky taýsyz tagallasynyň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda medeniýet ulgamynda aýratyn bir ugur bolan kitaphana ulgamynda zähmet çekýän her bir kitaphanaçy bu baýram mynasybetli dürli sergileri, söhbetdeşlikleri, aýdym-sazly baýramçylyklaryň wagyz nesihatlaryň üsti bilen öz goşantlaryny goşýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň dowamynda türkmen medeniýetini, edebiýatyny Magtymguly Pyragysyz göz öňüne getirmek mümkin däldigini, şeýle hem baýramçylyk çäreleri medeniýetiň we sungatyň ähli görnüşlerini özünde jemlemek bilen birlikde, türkmen halkynyň köpasyrlyk döredijilik, ruhy tejribesini ýurdumyzda we dünýäde wagyz etmäge şert döredilenligi barada uly buýsanç bilen aýtdylar. Halkyna şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, şan-şöhratyny arşa galdyran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowana ýollarda rowaç bolmagyny arzuw etdiler.