Sagdyn ýaşaýyş - durmuşyň gözelligidir
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 5-nji saglyk öýi bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sagdyn ýaşaýyş – durmuşyň gözelligidir» atly kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy, berk bedenli sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalar edilýänligi, şeýle-de ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk bolup, bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmekligiň zerurdygyny belläp geçdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Çaý-melhem hem ylham» atly kitaplarynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlarynyň hem-de melhem çaýlaryň ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň saglygy ugrunda birnäçe aladalar edýän, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.