Berdi Kerbabaýew - türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy


Berdi Kerbabaýew - türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygy mynasybetli «Berdi Kerbabaýew - türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Garagum žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa hem-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň ýakyn dogan-garyndaşlary we kitaphanana hünärmenleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar ýazyjynyň döredijiligine degişli birnäçe maglumatlar barada gürrüň berdiler.

Çykyş edenler Berdi Kerbabaýewiň ömür ýoly, döredijiligi hakynda, ýazan eserleri, romanlary, powestleri hakynda giňden söhbet açyp, talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Döredijilik duşuşygy »Altyn asyr» teleýaýlymynyň «Berkarar döwletim» gepleşiginde ýazgy edildi.

Döredijilik duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.