“Pyragynyň köňül kelamy”


“Pyragynyň köňül kelamy”



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Kärdeşler Arkalaşygynyň milli merkeziniň Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Pyragynyň köňül kelamy” atly söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmeni Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligi we onuň ynsanperwerlige ýugrulan şygryýeti barada birnäçe tymsallaryň, goşgularyň üsti bilen şol ýerde dynç alýan çagalara giňişleýin gürrüň berdi. Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde kitap söýüji okyjylarymyz hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.