Edebiýatçy alymyň täze kitaby neşir edildi


Edebiýatçy alymyň täze kitaby neşir edildi



Ýakynda «Ylym» neşirýaty tarapyndan edebiýatçy alym Maral Atdaýewanyň «Seýit Ymadeddin Nesiminiň çeper filosofiýasy» atly kitaby çap edilip, okyjylara gowuşdy.

«Türkmen gündogary» gazetinde habar berlişi ýaly, alym Maral Atdaýewanyň täze kitabynda Gündogaryň filosofiki pikirini şöhlelendirýän akyldar şahyr Seýit Ymadeddin Nesiminiň çeper filosofiýasyna täzeçe nukdaýnazardan seljerme berilýär. Nesiminiň edebi mirasyna ylmy nukdaýnazardan çemeleşýän, oňa ylmy düşündiriş berýän, şahyryň şygryýetiniň özboluşlylygyny, eserleriniň ynsanperwer pikirlerini açyp görkezýän bu dört bapdan ybarat bolan monografiýa Nesiminiň döredijiligini, şol sanda nusgawy edebiýatymyzy öwrenýän alymlara, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna, filosofik çeper pikirlenme bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Belläp geçsek, Seýit Ymadeddin Nesimi orta asyr sopuçylyk filosofiýasyny türki dilli çeper edebiýatda şöhlelendiren we bu halklaryň arasynda uly meşhurlyk gazanan beýik söz ussadydyr. Nesiminiň çeper döredijiligini pelsepewi nukdaýnazardan öwrenmeklik edebiýaty öwreniş ylmynda gaýragoýulmasyz meseleleriň biri bolup durýar. Sebäbi akyldaryň pähim paýhasly pikirleri özünde diňe bir ruhy amallary jemlemän, eýsem, uzak döwrüň dowamynda ösdürilen we öz süňňünde kämilleşdiren sopuçylyk filosofiýasynyň dünýä filosofiýasynyň çygrynda mynasyp orna eýe bolandygy bilen hem baglydyr.

Täze kitapda dünýäniň filosofiki pikirinde belli bir derejede yz galdyran Gündogaryň akyldarlary Abu Nasr al-Faraby, Abu Aly ibn Sina, Şyhabeddin as-Suhraberdi, Muhiddin ibn Arabi ýaly beýik alymlaryň eserleriniň, şeýle hem Ferdöwsi, Senaýy, Feridaddin Attar, Jelaleddin Rumy ýaly Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzlarynyň eserleriniň Nesiminiň döredijiliginde teswirlenilişi barada hem giňişleýin düşündiriş berilýär.

Alym Maral Atdaýewa bu monografiýasynda türkmen, rus, türk dillerindäki edebiýatlardan, şeýle hem internet maglumatlaryndan peýdalanypdyr. Bu bolsa kitabyň gymmatly çeşmeler bilen baýlaşdyrylandygyny aňladýar.

Ýatlap geçsek, mundan ozal alym Maral Atdaýewanyň neşir edilen «Ahmet Bekmyradowyň ylmy mirasy» atly kitaby edebiýat söýüjilerde uly gyzyklanma döretdi. Bu kitap edebiýatçy alym, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ahmet Bekmyradowyň ömri we döredijiligine bagyşlanýar.