“Şahyr sesin goşýar bagtyň heňine,
Halkyň Arkadagly zamanasynda”
atly edebi-döredijilik duşuşygy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Şahyr sesin goşýar bagtyň heňine, Halkyň Arkadagly zamanasynda” atly
edebi-döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygyna “Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti”, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi-Döwrangeldi Agalyýew gatnaşyp, halypa we ýaş kitaphanaçylar bilen şygryýet äleminden sowal-jogap alyşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat ulgamynda ýetilen üstünlikler dogrusynda täsirli söhbet etdiler.