“Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy”


“Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy, Gypjak we Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Gypjak medeniýet öýünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet-halkyň ruhy baýlygy” ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çärede milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde we dünýä ýaýmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bimöçber işleri bu günki günde oňyn netijelerini berýär. Parahat ýurdumyzda şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulýandygy şeýle-de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzyň Mary welaýatynda toýlanmagy buýsançly wakalaryň biri bolup durýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda parahat Watanymyzy, milli medeniýetimizi, akyldar şahyrymyzy wasp edýän goşgydyr, aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.