Çagalarda kitap okamak endigini sanly ulgamyň üsti bilen wagyz edildi


Çagalarda kitap okamak endigini sanly ulgamyň üsti bilen wagyz edildi



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz ýaş okyjylarynyň ýazky dynç günlerinde https://chagalar-kitaphana.gov.tm/ atly resmi saýtynda çagalaryň arasynda kitap okamak endigini ösdürmek we kitabyň çagalaryň durmuşyndaky tutýan orny barada giňişleýin düşünje berilýär. Munuň özi okujylar bilen dürli görnüşdäki gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Bu saýtda kitaphananyň taryhy barada, geçirilýän çäreler barada, kitaphanamyza täze gelip gowşan kitaplar barada maglumatlar ýerleşdirilýär. Şeýle hem käbir saýt salgylanmalary peýdalanylýar. Kitap okamak işi döwrebap derejede kämilleşýär. Häzir kitaplar elektron görnüşde, onlaýn tertibinde elýeterlidir. Indi kompýuterleriň we ykjam telefonlaryň kömegi bilen belli kitaphanalara aralaşmak hem-de zerur neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligi döredi. Biz — me¬de¬ni¬ýet, ki¬tap¬ha¬na iş¬gär¬le¬ri, gel¬je¬gi¬miz bolan ýaş nesil üçin edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna çyn ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.