“Magtymgulynyň Pyragy – türkmen halkynyň buýsanjy”


“Magtymgulynyň Pyragy – türkmen halkynyň buýsanjy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirligi, Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetdi “Magtymgulynyň Pyragy – türkmen halkynyň buýsanjy” ady bilen göçme sergi gurnaldy.

Magtymguly Pyragy “Berkarar döwlet istärin” diýip bu ajaýyp zamanany arzuwlandygy, şahyryň bu arzuwy amala aşdy. Berkarar döwletimizde şahyryň arzuwlary wysal tapýar.

Hormatly Perzidentimiz taryhy şahsyýetlerimiziň hatyralanmagyna, olaryň Watanyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň, halkyň hakydasyna ebedilik ýazylan beýik işleriniň doly hem içgin öwrenilip, wagyz edilmegine uly ähmiýet berýändigini sergide ýerleşdirilen kitaplaryň üsti bilen açyp görkezdiler. Türkmen halkynyň beýik söz sussady Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini ylymy esasda öwrenmek babatda giň gerimli işlere badalga berilýändigi barada sergä syn berende kitaphana hünärmenleri giňişleýin gürrüň berdiler.

Serginiň ahyrynda türkmen halkynyň akyldar şahyryna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.