Magtymguly Pyragy-ynsan paýhasynyň gönezligi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden bellenip geçilýär. Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ata-watanymyzyň şan-şöhradynyň has-da belende göterilmegi babatynda, geçmiş taryhymyzy öwrenmekde medeni mirasymyzy gorap saklamakda we dünýä derejesine çykarmakda alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek netijeliligini artdyrmak maksady bilen hem-de taryhy türkmen şäheri bolan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi mynasybetli Ahal welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda welaýatyň etrap we şäher merkezi kitaphanalarynyň hem-de kitaphana şahamçalarynyň kitaphanaçy hünärmenleriniň arasynda «Magtymguly Pyragy – ynsan paýhasynyň gönezligi» atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary bilen sylaglanyldy.