“Arkadagly döwrüň ylhamy - Nowruz”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Bagtyýarlyk etrap Medeniýet köşgünde Milli bahar baýramy mynasybetli “Arkadagly döwrüň ylhamy - Nowruz” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede Nowruz –täze gün, täzeleniş güni, baharyň gelmegi bilen gadymy döwürlerden bäri bellenilip gelinýän Milli bahar baýramy - Nowruz baýramynyň dabarasy uludan tutulýar. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň “Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” diýşi ýaly, tebigat al-elwan güllerden keşde çeken ýaly dona bürenip, gözel görke gelýär hem-de tebigat özüniň hakyky häsiýetlerini görkezýär. Nowruzda hemme zat täzelenýär, gözelleşýär, agaçlar pyntyk ýaryp, al-elwan güllere bürenýär, hakyky baharyň täsiri duýulýar. Baýramçylyk bezegleriniň gözelligi tebigat gözelligi bilen utgaşyp, ajaýyp bir görnüşi emele getirýändigi şol sebäpden bu Nowruz baýramy gözelligiň baýramy hasaplanýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar, hem-de Nowruz baýramyna bagyşlanyp gurnalan sergiler baýramçylygyň täsirini has-da artdyrdy.