Magtymguly sensiň buýsanjy halkyň
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň, guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly sensiň buýsanjy halkyň» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz mülkünden köşk gurup, adamzat dünýäsiniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň has hem belent tutulýandygynyň ýene-de bir aýdyň beýany bolandygy bu bolsa Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy gymmatlyk höküminde ynsan kalbyna çuňňur ornaşýar. Şeýle-de şahyryň edebi mirasy ýaş nesillerimiz üçin hem ylham çeşmesidir, kämil watançylyk kelamydyr, dünýä akyl ýetirmegiň beýik nusgasy bolup ýaşlar üçin gollanma bolup hyzmat edýändigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.