“Medeniýet-milletiň buýsanjy, Magtymguly edebiýatyň şamçyragy”


“Medeniýet-milletiň buýsanjy, Magtymguly edebiýatyň şamçyragy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi, Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet-milletiň buýsanjy, Magtymguly edebiýatyň şamçyragy” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetimiz we sungatymyz gün-günden pajarlap, belent derejelere ýetýändigi, medeniýet halkyň arasyndaky dostluk köprüsi bolup hyzmat edýändigi, şeýle-de ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan baý medeni mirasymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýändigi, Garaşsyz Diýarymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikler, äleme ýaň salan wakalar kalbyňy buýsançdan doldurýandygy barada, Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni bilen bilelikde uly dabaralara beslenip geçirilmegi Türkmenistan Watanymyzyň durmuşynda möhüm waka öwrülendigini buýsanç bilen bellemelidiris, çünki çeper edebiýat hem medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hut şonuň üçinem medeniýetimiziň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda şygyr baýramy hem bu sene bilen sazlaşýar, türkmen medeniýetiniñ gadymdan gelýän müñýyllyk taryhy bar diýip çärä gatnaşanlar çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda şahyr Bekdaş Öwezow Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan birnäçe goşgularyny okap berdi. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda milli Medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy sazlaşykly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.